logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / In the world /Angliýanyň şazadasyna 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda täç geýdirmek dabarasy geçiriler
  13.10.2022
1096
Angliýanyň şazadasyna 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda täç geýdirmek dabarasy geçiriler

Angliýanyň şasy Çarlz III-iň täç geýdiriljek senesi mälim edildi. «Buckingham köşgi» tarapyndan berlen beýanatda, Beýik Britaniýanyň täze hökümdary Çarlz III-e täç geýdirmek dabarasynyň 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda boljakdygy bellenilýär.

Täç geýdirmek dabarasy gadymy däp-dessurlara laýyklykda, paýtagt Londondaky «Westminster Abbey»-de geçiriler. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljek täç geýdirmek dabarasy 900 ýyllyk taryhy däbe laýyklykda geçiriler.

Mundan öň, Angliýanyň şa zenany Ýelizaweta II-niň täç geýdirmek dabarasyna 1953-nji ýylda 8 müňden gowrak adam gatnaşyp, 3 sagatdan gowrak wagt dowam edipdi.