logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
  29.09.2025
947
Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky energetika we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri» atly maslahat gurnaldy. Çäre Türkiýäniň Prezident köşkler toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Maslahata Türkiýäniň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary, ylmy-barlag merkezleriniň, medeni-ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de Türkmenistanyň halkara derejeli başlangyçlary, şol sanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli hem-de ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp dekabr aýynda geçiriljek halkara forumyň ähmiýeti nygtaldy.

 

Çykyş edenler häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýandygyny belläp, munuň baş şertleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyna açyklygyny we özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlylygyny aýratyn görkezdiler.

 

Maslahatda şeýle hem türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy kökleriniň häzirki döwrüň täze şertlerinde has-da pugtalanýandygy nygtaldy.

 

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi gurnaldy we ýörite taýýarlanan wideo ýazgy görkezildi.

 

Atamyrat AZYZBERDIÝEW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň 5-nji ýyl talyby.