logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /"Annaguly ýalta" teleserialynyň 2-nji bölümi onlaýn kinoteatrda
  30.07.2022
937
"Annaguly ýalta" teleserialynyň 2-nji bölümi onlaýn kinoteatrda

"Annaguly ýalta" teleserialynyň 2-nji bölümi onlaýn «tv.com.tm» kinoteatrynda paýlaşyldy.

2008-nji ýylda türkmen telewideniýesinde ýaýlyma berlen «Söýgi sährasy» sahypasynyň «Annaguly ýalta» atly teleserialynyň «tv.com.tm» onlaýn film platformasynda paýlaşylmaga dowam edýär. 

Gülzada Şazadaýewanyň režissýorlygynda şeýle-de Aman Rejepowyň we Meýlis Gurbanowyň kömekçi režissýorluk etmeginde düşürilen teleserial gysga wagtda halk köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Filmde Ýagşymyrat Akyýew, Şemşat Ahmedowa, Döwletgeldi Berdiýew, Myrat Aradow, Meýlis Gurbanow, Güljeren Mämmedowa, Jeren Hallyýewa, Pena Mommadow, Guwanç Meläýew, Merdan Annamuhammedow, Ahmet Bagyýew, Zakir Joraýew, Didar Kowusow ýaly aktýorlar ýer aldy.

«Söýgi sährasy» sahypasyndaky «Annaguly ýalta» teleserialy obaly ejesi bilen kakasynyň mährinden çykyp bilmän, diňe ejesiniň diýenini edip, diýeninden çykman ulalan bir geleňsiz ýigidiň durmuş beýany.