logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /"Annaguly ýalta" teleserialynyň 4-nji bölümi onlaýn kinoteatrda
  09.08.2022
1368
"Annaguly ýalta" teleserialynyň 4-nji bölümi onlaýn kinoteatrda

"Annaguly ýalta" teleserialynyň 4-nji bölümi onlaýn «tv.com.tm» kinoteatrynda paýlaşyldy.

2008-nji ýylda türkmen telewideniýesinde ýaýlyma berlen «Söýgi sährasy» sahypasynyň «Annaguly ýalta» atly teleserialynyň «tv.com.tm» onlaýn film platformasynda paýlaşylmaga dowam edýär. 

Gülzada Şazadaýewanyň režissýorlygynda şeýle-de Aman Rejepowyň we Meýlis Gurbanowyň kömekçi režissýorluk etmeginde düşürilen teleserial gysga wagtda halk köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Filmde Ýagşymyrat Akyýew, Şemşat Ahmedowa, Döwletgeldi Berdiýew, Myrat Aradow, Meýlis Gurbanow, Güljeren Mämmedowa, Jeren Hallyýewa, Pena Mommadow, Guwanç Meläýew, Merdan Annamuhammedow, Ahmet Bagyýew, Zakir Joraýew, Didar Kowusow ýaly aktýorlar ýer aldy.

«Söýgi sährasy» sahypasyndaky «Annaguly ýalta» teleserialy obaly ejesi bilen kakasynyň mährinden çykyp bilmän, diňe ejesiniň diýenini edip, diýeninden çykman ulalan bir geleňsiz ýigidiň durmuş beýany. 

«Annaguly ýalta» teleserialyň öňki serialaryna tomaşa etmek üçin:
Bölüm 1;
Bölüm 2:
Bölüm 3;
Bölüm 4;