logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Antarktidadaky gözleg merkezinde koronawirus wakasy hasaba alyndy
  09.11.2022
1066
Antarktidadaky gözleg merkezinde koronawirus wakasy hasaba alyndy

ABŞ-nyň Milli gözleg gaznasyna degişli Antarktidadaky «McMurdo» gözleg merkezinde oktýabr aýynda başlanan we kem-kemden ýaýran koronawirus epidemiýasy gözegçilik astynda saklanýar. Bu barada gazna metbugata habar berdi.

Habarda gözleg merkezi - saglyk we howpsuzlyk sebäplerinden başga-da transport üçin 2 hepdelik ýapykdygy şeýle-de koronawirus epidemiýasynyň gözleg merkezindäki işgärleriň 10 göterimine ýokuşandygy mälim edilýär.

ABŞ-nyň Milli gözleg gaznasy, epidemiýa gözegçilik etmek üçin käbir çäklendirmeleri güýçlendirdi we 5 günlük karantin çäresini girizdi.