logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Apofis asteroidiniň Ýere golaý aralykdan geçmegine garaşylýar
  19.04.2024
4284
Apofis asteroidiniň Ýere golaý aralykdan geçmegine garaşylýar

Apofis asteroidi- bu äpet uly asteroid bolup, takmynan ini 375 metr, agramy 20 million tonna töweregi. Asteroid 2004-nji ýylda tapyldy. Deslapky hasaplamalar onuň 2029-njy, 2036-njy ýa-da 2068-nji ýyllarda Ýer bilen çaknyşyp biljekdigi barada birnäçe çaklamalar ýüze çykdy. Emma, alymlar asteroidiň traýektoriýasyny üns bilen öwrenip, onuň planetamyz bilen çaknyşmagynyň mümkin däldigini aýtdylar. Mundan başga-da, çaknyşygyň netijeleri gaty weýrançylykly bolmagy hem ähtimaldyr.

 

 

2029-njy ýylyň 13-nji aprelinde äpet Apofis asteroidi Ýere 32 000 kilometrden hem golaý aralykdan uçup geçer diýip çaklaýarlar, bu Ýerden Aýa çenli uzaklygyň takmynan 1/10 bölegi, ýagny, geostasionar orbitadaky telekommunikasiýa hemralaryndan hem ýakyndyr.

 

 

 Apofis Ýewropanyň, Afrikanyň we Aziýanyň köp böleginden, şol sanda Türkmenistandan hem görinmeklige garaşylýar.    
 

Oguljeren Mätiýewa,
Türkmen oba hojalyk instituty
1-nji ýyl talyby.