logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Arassa ganly ahalteke atlarynyň «Russiýanyň kubogy — 2022» atly bütinrussiýa şou sergisi geçiriler
  29.08.2022
875
Arassa ganly ahalteke atlarynyň «Russiýanyň kubogy — 2022» atly bütinrussiýa şou sergisi geçiriler

17-nji sentýabrda Moskwa şäherindäki Halk hojalygynda gazanylanlaryň sergiler jaýynyň Milli atçylyk däpleri merkezinde «Bedewleriň bir aýlygy» festiwalynyň çäklerinde arassa tohumly ahalteke atlaryň «Russiýanyň kubogy — 2022» atly gözellik sergisi geçiriler.

 

 

Gözellik sergisiniň dowamynda Russiýanyň dürli künjeklerinden gelen iň oňat atşynaslar we atçylyk fermalary öz atlaryny HHGSJ-nyň Milli atçylyk däpleri merkezinde görkezilişe çykararlar. Şunuň bilen baglylykda, festiwalyň myhmanlary ahalteke bedewleriniň gözelligini synlamaga mümkinçilik alarlar.