logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Arassaçylyk-sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy
  13.04.2020
875
Arassaçylyk-sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşy

         Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komiteti, Bäherden etrap bilim bölümi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan halk köpçüliginiň arasynda “Saglyk” maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýiti respirator ýokanç keselleriň ýaýaramagynyň öňüni almak boýunça sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek maksady bilen “Arassaçylyk – sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşydyr!” ady bilen Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesiniň medeniýet öýüniň kiçi mejlisler jaýynda bilim işgärleriniň, geňeş arçynlarynyň şeýle-de ýaşuly wekilleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu dabaraly çärede çykyş edenler röwşen geljegimiziň has-da gözel bolmagy üçin nesillerimiziň ruhy hem beden taýdan sagdyn, Ata Watanamyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýşyny, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde ýokanç däl we ýokanç keselleriň öňüni almak barada giňişleýin aýdyp geçdiler.