Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Arça agajy hakynda täsirli maglumatlar
  22.12.2022
1367
Arça agajy hakynda täsirli maglumatlar

- Arça Ýewropa ýurtlarynda ençeme ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär we dürli maksatlar üçin giňden ulanylýar. «Junivere» atly arça likýory Ýewropanyň dürli ýerlerinde asyrlar boýy ýasalýar. Ilkibaşda arçany Demirgazyk Amerikada diňe käbir taýpalar ulanýardy, soňlugy bilen Günorta Amerikalylar tarapyndan arça birnäçe maksatlar üçin ulanylyp başlandy.

- Köpleriň, aýratyn hem çagalaryň söýüp diňleýän aýdymy bolan «Tokaýdaky arça» aýdymy 1903-nji ýylda döredilipdir. Soňra 2 ýyldan soň Leonid Bekman tarapyndan kämilleşdirilipdir.

- Arça agajy pürli agaçlara degişli bolup, ol topragyň pes gurply ýagdaýyna, topragyň guraklygyna hem örän çydamlydyr. Gereginden aşa köp suwarmaklyk arça agajyna zeper ýetirip biler. Şol sebäpden ony suwarmazdan öň topragyň guraklygyna üns bermeli ýa-da tiz-tizden suwarmaly däl. Suwaryşyň arasy howa ýagdaýyna baglylykda üýtgeýär.

- Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde arça agajy uzak ömürliligiň agajy hökmünde arzylanýar. Bu barada dürli rowaýatlar hem bolupdyr.

- Arça beýleki pürli agaçlar ýaly mydama gök öwüsýän agaçdyr. Arça dünýäniň Demirgazyk Amerika, Günorta Amerika, Ýewropa, Aziýa, Russiýa we Afrika ýaly sebitlerinde köp ösýär. Ondan Ýewropa ýurtlarynda gymmat bahaly mebeller ýasalýar.

- Arça dürli ýagtylyk şertlerinde gowy ösýär. Arçanyň käbir görnüşleri kölegede has gowy bolýar we günüň açyk ýaşyl reňkini ýitirip, has ýaşyl ýa-da käbir halatlarda sarymtyl bolup biler. Arçanyň görnüşine baglylykda onuň ýagtylyga bolan talaplary üýtgäp biler.

- Arça uzak ýaşaýan agaçlaryň biridir. Arçalaryň bir görnüşi bolan kolorado arçasy gaýaly daglaryň belentliklerinde ösýär, şeýle belent ýerde ygal az mukdarda ýagýar, aşa sowuk temperatura hem olar çydamlydyr. Ýöne arça agajy örän haýal ösýär. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.