logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Arçman şäherçesiniň Medeniýet öýünde hoşallyk maslahaty geçirildi
  11.05.2022
992
Arçman şäherçesiniň Medeniýet öýünde hoşallyk maslahaty geçirildi

Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesiniň Medeniýet öýünde hoşallyk maslahaty geçirildi.  Hoşallyk maslahaty Gahryman Arkadagymyzyň 6-njy maýda «Arçman» şypahanasyna baryp, şypahananyň işgärleridir ol ýerde saglygyny berkidýän raýatlar bilen duşuşmagynyň şanyna geçirildi.

Hoşallyk maslahatyny şypahananyň baş lukmany Çaryýar Annasähedow açdy. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň şypahananyň özboluşly taryhy, onuň ösüşiniň tapgyrlary baradaky gürrüňlerini, mineral suwunyň adam bedenine täsiri, bejerijilik ukyby barada aýdan gyzykly maglumatlaryny buýsanç bilen ýatlap geçdiler. Bu meşhur şypahanada täze binanyň guruljakdygy bilen bagly ýürek joşduryjy gürrüňler hem çykyşlarda aýratyn orun aldy.