logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Arçman şypahanasynda maslahat geçirildi
  15.02.2023
1212
Arçman şypahanasynda maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň taryhy ähmiýetine bagyşlanyp, Bäherden etrabyndaky Arçman şypahanasynda bolan maslahat örän täsirli boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda döwletli maslahatda kabul edilen çözgütler wagyz-nesihat edildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň düýp mazmunyna aýratyn ünsüň çekilmegi wagyz-nesihat maslahatynyň täsirliligini artdyrdy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň beýany bolup, jemgyýetiň demokratik ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädime öwrüldi.

Turuwbaşdan işjeň häsiýete beslenen şeýle mazmunly maslahatlar etrapdaky Bäherden sement zawodynda, dokma fabriginde, bilim bölüminde hem geçirildi. Maslahatlara gatnaşanlar halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň dabaralanmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy we zähmet çekmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize bolan hoşallyklaryny beýan etdiler.