logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Arheologlar Müsürde altyn şekiljikli mumiýalary tapdylar
  28.11.2022
1013
Arheologlar Müsürde altyn şekiljikli mumiýalary tapdylar

Müsürdäki arheologlar ölümden soň ýaşaýşy alamatlandyrýan altyn şekiljikli mumiýalary tapdylar. Gözlegler, Müsüriň taryhynyň dürli döwürlerinden ýüzlerçe mazarlary öz içine alýan gonamçylyk bolan Kuweisnada geçirildi.

Gazuw-agtaryş işlerinde mumiýalaryň boýnundan asylgy ölümden soňky ýaşaýşy alamatlandyrýan altyn şekiljikleri tapyldy. Şol döwürde altyn şekiljikleriniň merhum bilen yzynda galanlara ahyret durmuşynda aragatnaşyk saklamaga kömek edýändigine ynanypdyrlar. Şeýle hem bu şekiljikler Müsüriň iň möhüm taňrylaryndan biri bolan Osiris bilen ahyretde gürleşmek üçin ýörite dil diýip pikir edipdirler.

Arheologlar mundan öň 2021-nji ýylda Aleksandriýanyň Magna ybadathanasynda hem şuňa meňzeş jaýlanyş usullaryny we şekiljikleri tapypdylar. Arheologlar mumiýalaryň köpüsiniň inçe altyn kagyzlar bilen örtülendigini we agaç tabytlara ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

Mundan başga-da gazuw-agtaryş işlerinde Kuweisna gonamçylygyndan birnäçe daş we keramika gap-gaçlary, şeýle hem palçykdan ýasalan küýzeler we şuňa meňzeşler tapyldy. 

 

Annanur HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.