logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Sports /«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy
  30.12.2025
714
«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

«Arkadag» futbol kluby 2025-nji ýylda nobatdaky uly üstünlige ýetip, dördünji kubogyny — Türkmenistanyň Kubogyny gazandy. Şeýlelikde, topar yzly-yzyna dört möhüm baýragy eýelemegi başardy.

 

Final duşuşygynda «Arkadag» ýurdumyzyň wise-çempiony hem-de AFK Çempionlar ligasyna iki gezek gatnaşan «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Bu ýeňiş bilen «Arkadag» AFK Çagyryş ligasyndaky ýeňşiniň, milli çempionatda alan altyn medallarynyň we Superkubogynyň üstüne Türkmenistanyň Kubogyny hem goşdy.

 

Milli klub baýraklarynyň ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan bu ýaryşyň final oýny taryhda ikinji gezek Arkadag şäherinde geçirildi. 10 müň orunlyk stadion doly bolup, duşuşyk futbol janköýerleriniň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.

 

Türkmenistanyň Kubogyny öň dört gezek gazanan «Ahal» üçin bu dokuzynjy final bolsa, 2023-nji ýylyň aprel aýynda döredilen «Arkadag» kluby üçin üçünji final duşuşygy boldy.

 

2025-nji ýyl «Arkadag» topary üçin aýratyn üstünliklere beslenen ýyl hökmünde häsiýetlendirildi. Maý aýynda ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň wekili bolan bu klub AFK-niň 2024/25 möwsümindäki Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Prea Han Riç Swaý Rieň» toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, Aziýanyň klub ýaryşlarynyň üçünji derejeli kubogyna eýe boldy. Sentýabr aýynda bolsa Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky topar Superkubogy gazanyp, möwsüm tamamlanmazdan öň üçünji gezek Türkmenistanyň çempiony adyny eýeledi. Ýylyň ahyrynda bolsa «Arkadag» yzly-yzyna üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazanmagy başardy.

 

Bibihajar KERIMOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.