logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /«Arkadag» futbol topary 102 oýunda 100 ýeňiş!
  13.09.2025
1529
«Arkadag» futbol topary 102 oýunda 100 ýeňiş!

Türkmenistanyň futbol taryhynda täze sahypa açan «Arkadag» topary resmi duşuşyklaryndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Bu üstünlik 11-nji sentýabrda Maryda «Merw» bilen geçirilen Ýokary liganyň oýnunda 3:1 hasabynda gazanyldy.


Toparyň ilkinji hem-de 100-nji ýeňşi hut «Merw» bilen duşuşyklarda gelip çykmagy taryhy taýdan aýratyn ähmiýete eýe boldy.


Şu wagta çenli «Arkadag» topary ähli ýaryşlarda 401 gol geçirip, halkara derejesindäki iň ýokary netijelilik görkeziji bilen tapawutlandy. Hüjümçi Didar Durdyýew 95 gol bilen toparyň iň gowy bombardiri boldy.


Indi toparyň öňünde täze synag — 17-nji sentýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň möwsümindäki ilkinji duşuşyk bar. Onda olar «Arkadag» stadionynda Özbegistanyň «Andijon» topary bilen güýç synanyşar.