logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogyny gazandy
  14.05.2025
751
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogyny gazandy

«Arkadag» futbol topary şu gün Kambojanyň «Svay Rieng» klubuny 2:1 hasaby bilen ýeňip, 2024/25-nji ýyl AFK Çagyryş ligasynyň kubogyna eýe boldy. Final duşuşygy Pnompen şäherindäki 60 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Morodok Techo» stadionynda, tomaşaçylardan doly tribunalaryň arasynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylmady. Ilkinji 30 minutda «Arkadag» topary birnäçe howply pursat döretdi. Didar Durdyýew jerime meýdançasynyň daşyndan urgy etdi, ýöne top derwezäniň üstünden geçdi. Şanazar Tirkişow hem çep ganatdan jerime meýdançasyna girip, derwezä urgy etdi, emma derwezeçi Wireak Dara topy saklamagy başardy.

 

Ikinji ýarymyň 59-njy minutynda Şanazar Tirkişow burç urgusyndan topy Mekan Saparowa pas berdi, ol bolsa kellesi bilen pökgi geçirip, hasaby açdy – 1:0. Emma duşuşygyň 82-nji minutynda ýer eýeleri jogap goluny geçirip, hasaby deňleşdirdiler – Saret Kria burç urgusyndan soň jerime meýdançasynda ýokaryk böküp, pökgi bilen kellesi arkaly tora ýollady.

 

Esasy wagt 1:1 hasaby bilen tamamlandy, şonuň netijesinde toparlar goşmaça 30 minut oýnadylar. 101-nji minutda «Svay Rieng» toparynyň oýunçysy Min Ratanak derwezäniň dik sütünine top degirdi. Soňra bolsa ýeňiş pursaty «Arkadag» üçin geldi: 112-nji minutda Arzuwguly Sapargulyýew uzak aralykdan pas berip, Altymyrat Annadurdyýewi hüjüme çykardy. Ol goragçyny geçip, derwezeçi bilen ýeke-ýekä galyp, topy uzak burça dürs gönükdirdi – 2:1.

 

Duşuşykdan soň geçirilen sylaglama dabarasynda «Arkadag» toparyna kubok gowşuryldy. Şeýle hem toparyň iki oýunçysy – Altymyrat Annadurdyýew we Şanazar Tirkişow aýratyn baýraklara mynasyp boldy.

 

Şeýlelikde, «Arkadag» türkmen futbolynda yklym derejesinde üstünlik gazanan üçünji klub boldy. Mundan öň «Balkan» 2013-nji ýylda we MTTU 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň kubogyny gazanypdy. AFK Çagyryş ligasy Aziýanyň klub ýaryşlarynyň arasynda ähmiýeti boýunça üçünji orunda durýar we bu ýaryş futbol zehinlerini görkezmäge islegli toparlar üçin döredilendir.