logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Sports /Arkadag futbol topary Dubaýdaky ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy
  20.02.2024
766
Arkadag futbol topary Dubaýdaky ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» futbol topary 16-njy fewraldan bäri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw türgenleşik  ýygnanşyklarynyň ikinji tapgyryny alyp barýar.

 

 

Dostlyk ruhunde geçirilýän duşuşyklaryň "Arkadag" futbol toparynyň tejribesini has hem artdyrýar. Ilkinji ýoldaşlyk duşuşygy 18-nji fewralda Russiýanyň Premýer ligasynyň wekili «Pari NN»  “Pari Nižniý Nowgorod” futbol topary bilen bolup geçdi. Duşuşykda Begmyrat Baýow we Didar Durdyýewiň gol saldylar we 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

 

 

"Arkadag" futbol topary geçen ýylyň ilkinji möwsüminde iki kuboga mynasyp bolupdy.

 

 

Häzirki wagt-da “Arkadag” futbol topary Ýewropanyň Aziýanyň güýçli toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirýär. Toparyň nobatdaky duşuşygy 21-nji fewralda “Zenit” toparyna garşy geçirer.

 

Berdi Berdiýew,
Türkmen oba hojalyk
institutynyňmugallymy.