logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /«Arkadag» futbol toparynyň ümzügi öňe!
  01.06.2023
1179
«Arkadag» futbol toparynyň ümzügi öňe!

Golaýda «Arkadag» futbol topary ýene-de bir uly ýeňiş gazandy. Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahaly» ynamly ýeňmegi başardy.

Oýun paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda geçirildi. Hasaby 23-nji minutda «Arkadagyň» iň köp top geçiren oýunçysy we Türkmenistanyň geçen ýylky çempiony Didar Durdyýew jerime urgusyndan açdy. 5 minutdan soň Begmyrat Baýow netijäni iki esse köpeltdi. 39-njy minutda Meýlis Diniýew bir jogap topuny geçirdi we toparlar hasap Arkadagyň peýdasyna 2:1-kä arakesmä çykdylar.

52-nji minutda Didar Durdyýew ýer eýeleriniň artykmaçlygyny 3:1-e ýetirdi. 57-nji minutda – Ybraýym Mämmedow üstünligi 4:1-e ýetirdi. Iki minutdan soň Begenç Mämiýew aratapawudy iki topa çenli azaltdy. Gutarnykly hasaby bolsa 78-nji minutda Didar Durdyýew belli etdi.

Şu oýunda üç topy tora salan Didar Durdyýew jemi 12 topy tora salmak bilen, bombardirler ýaryşynda öňbaşçylygyny hasam berkitdi. «Altyn asyryň» oýunçylary Myrat Annaýew we Wahyt Orazsähedow ondan 7 top yza galýarlar.

Yzygiderli sekizinji ýeňşi gazanan «Arkadag» iň köp (24) utuk toplap, öňbaşçylyk ornuny berkitdi. «Altyn asyr» we «Köpetdag» ondan 10 utuk yzda, ýöne olar 1 oýny az oýnapdyrlar.

9-njy tapgyr şu oýunlar bilen tamamlanar: «Aşgabat» – «Köpetdag», «Nebitçi» – «Merw», «Energetik» – «Altyn asyr». 

 

Didarbaý HOMMATJAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.