logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Arkadag» gazetine abuna ýazylyşygy başlady!
  03.05.2023
1164
«Arkadag» gazetine abuna ýazylyşygy başlady!

2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetine abuna ýazylyşygyň başlanandygyny habar berýäris.

Hepdelik neşir bolan «Arkadag» gazetine abuna ýazylmak arkaly, siz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, sanly ulgam we iň häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan üstünlikler, şeýle hem bu şäheriň ilatynyň durmuşy bilen ýakyndan tanşyp bilersiňiz.

«Arkadag» gazetiniň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. 

Gazetiň çap edilýän görnüşiniň alty aýlygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. 

Gazetiň elektron neşirine 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin turkmenmetbugat.gov.tm internet sahypasynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylmak mümkin. Elektron neşire abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini-de okap bolýandygyny ýatladýarys!

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň ählisini özünde jemleýän «Türkmenmetbugat» elektron neşiriniň «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukjasyna abuna ýazylmagyň ýarym ýyllygynyň bahasy 60 manat.