logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /«Arkadag» gazetiniň redaksiýasy döredildi
  03.04.2023
1000
«Arkadag» gazetiniň redaksiýasy döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýeten beýik sepgitlerini dünýä ýaýmak, wagyz etmek, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, şäher gurluşygy boýunça alnyp barylýan tutumly işler, geçirilýän çäreler we gazanylýan netijeler barada halk köpçüligine giňişleýin habar bermek, şeýle hem şäheriň ilatynyň durmuşy hakynda dürli makalalary, maglumatlary çap etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Arkadag» gazetiniň redaksiýasy ýuridik şahs hökmünde döredildi hem-de gazetiň redaksiýasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy. «Arkadag» gazetini 2023-nji ýylyň iýul aýyndan türkmen dilinde neşir edip başlamak hem-de hepdede bir gezek çap etmek bellenildi.

Türken döwlet neşirýat gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.