logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Arkadag — nusgalyk şäher
  29.12.2022
2183
Arkadag — nusgalyk şäher

Merdana pederlerimiz guýy gazmagy, köpri gurmagy, bina galdyrmagy parz we sogap iş hasaplapdyrlar. Asyrlaryň dowamynda türkmeniň zandyna ornan bu ilhalar ýol-ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar. Özem indi ýurdumyzda bir ýa-da iki desga däl, eýsem, tutuş oba-şäherler gurulýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň soňky günlerinde biz şatlykly wakanyň — täze Arkadag şäheriniň döredilmeginiň şaýatlary bolduk.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasynyň, ilhalar syýasatynyň miwesi bolan, dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň kämil enjamlary bilen abzallaşdyrylan bu şäher «akylly şäher» adyny ýöne ýere alanok. Çünki ähli desgalar, ymaratlar ösen tehnologiýaly enjamlar arkaly dolandyrylýar. Şeýle bolansoň ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň hili-de, höziri-de aýrybaşgadyr.

Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmagy baş ýörelgesi hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde sähel wagtyň içinde täze şäher guruldy. Täze ýylyň öň ýanynda bu şähere göwün islegimiz nazarda tutulyp, Arkadag adynyň dakylmagy kalbymyza şatlyk nuruny çaýdy. Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda täze şäherde iş saparynda bolanynda gurlan desgalaryň hil derejesine örän ýokary baha berdi. Şonuň ýaly-da täze şäheri gurmagyň ikinji tapgyrynyň üstünde iş alyp barmagy degişli ýolbaşçylaryň öňünde wezipe edip goýdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze şäherde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda täze döreden «Dowam bolsun!» atly goşgusyny okap bermegi biziň her birimizde egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi. 

 

Gülälek ATAKOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky 
Türkmen döwlet mugallymçylyk 
institutynyň mugallymy.