Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza maslahatynda raýat jemgyýeti forumy ýokary derejeli çykyşlar bilen açyldy ✦ ✦ Awaza 2025 maslahatynyň çäginde Ýaşlar forumy öz işine başlady ✦ ✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Arkadag şäheri — ak bagtyň şäheri
  30.12.2022
1246
Arkadag şäheri — ak bagtyň şäheri

Geçmişde ençeme şöhratly döwletleri döreden merdana halkymyzyň gurmak, döretmek ýaly asylly ýörelgeli ýoly berkarar hem bagtyýar zamanamyzda mynasyp dowam etdirilip, Arkadagly Serdarymyzyň uly tagallalary bilen ösdürilýär. Muňa Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Täze, döwrebap şäheriň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Bu döwrebap edara ediş merkezine Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagynyň örän uly terbiýeçilik ähmiýeti bar. Çünki Eziz Arkadagymyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli Lider hökmünde ähli babatda biz üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Bu «akylly» şäheriň milli arhitektura keşbinde, ondaky gurulýan desgalarynyň her birinde, bezeg aýratynlygynda Mähriban Arkadagymyzyň ýokary döredijilikli zähmetini görmek bolýar. Sebitde iri gurluşyklaryň biri bolan bu welaýat merkezi 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenip, onuň döwrebap taslamasy dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlary, kämil innowasion tehnologiýalar esasynda amala aşyrylmagydyr. Şeýle giň möçberli taslamalary alyp barmaklyk ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýetinden, hemmetaraplaýyn ösenliginden habar berýär. Bu şäherde halkymyzyň döwrebap ýaşaýyş-durmuşyny üpjün edýän ähli şertler göz öňünde tutulan. Bu ýerde döwrebap, köp gatly ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sport desgalary, saglyk merkezleri, söwda-dynç alyş merkezleri, seýilgähler, bezeg zolaklary bar. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň belent nusgasy hökmünde taryha giren Görogly begiň, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur atşynas Aba Annaýewiň, welaýat kitaphanasyna nusgawy şahyrymyz Döwletmämmet Azadynyň, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, drama teatryna meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine ussat kompozitor, Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine ussat sazanda, aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşynyň atlarynyň dakylmagy ýurdumyzda asylly däpleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nyşany bolup, beýik şahsyýetlerimize goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr. Galkynyşly döwrümiziň badyna bat, şanyna şan goşýan şeýle asylly ýörelgeleri bilen halkymyzyň asuda, parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir!


Merjen KAIPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.