logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Arkadag şäheri — ak ertirleň şuglasy
  07.04.2023
1482
Arkadag şäheri — ak ertirleň şuglasy

Bilşimiz ýaly, ýakynda «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem «Arkadag şäherinde täze etraplary döretmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, täze Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi.

Mejlisde eden çykyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň eteginde gurulýan we döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimliliginiň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmeginiň guwançly ýagdaýdygyny belledi. Şeýle hem bu «akylly» şäheriň gulluklarynadyr edaralaryna bellenilen ýolbaşçylaryň aglabasynyň ýaş hünärmenlerdigi bellärliklidir. Täze şäheriň geljekki ösüşinde ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapýar. Ýaş nesilleriň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp bilmekleri üçin bu ýerde gurlan mekdepleriň we çagalar baglarynyň üpjünçiligine, ähli okuw binalaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna hem-de sanly çözgütleriň iň häzirki zaman ösüşiniň peýdalanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Nesip bolsa, ýakyn wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde bina edilen ýüzlerçe desgalaryň dabaraly açylyşy bolar. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň tabşyrygy boýunça daşary ýurtly myhmanlar we abraýly halkara guramalaryň wekilleri hem çagyrylar. Olar şonda bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde gurlan bu täze şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşarlar. Onuň geljekki ösüşlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratlylygyna, ösen aň-bilimliligine we hemmetaraplaýyn döwrebap garaýyşlaryna möhüm ornuň berilýändigine göz ýetirerler.

Türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ukyp-başarnyklaryny ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!  

 

Tawus ATDAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň uly mugallymy.