Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy ✦ ✦ Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary ✦ ✦ Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy ✦ ✦ Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili ✦ ✦ Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar ✦ ✦ Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Watan gahrymanlaryna şöhrat ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Arkadag şäheri — bagtyň şäheri
  12.01.2023
1681
Arkadag şäheri — bagtyň şäheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň baky bagtyýar hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler bilen şöhratlanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi.

Dünýäniň häzirkizaman ösüşi bilen aýakdaş millilige ýugrulan, özboluşlylyga esaslanýan özgertmeleri amala aşyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we ruhy ulgamlarynda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Amala aşyrylýan işlerde milliligiň şöhlelendirilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Peder pentleriniň görelde mekdebini ýörelge edinen alym Arkadagymyzyň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak baradaky aladalary halkyň hakydasynda baky orun alýar.

Dünýä ýaň saljak täze Arkadag şäheriniň keşbine gözellik goşjak dürli maksatly binalaryň milli äheňde atlandyrylmagy bolsa milliligimize bolan buýsanjy goşalandyrýar. Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle hem merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna hem Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy we onuň «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylmagy halkyň Gahryman Ogluna goýýan sarpasydyr. Halka hyzmat etjek dürli maksatly binalara görnükli taryhy şahsyýetlerimiz Aba Annaýewiň, Berdimuhamet Annaýewiň, Saçly Dursunowanyň, Görogly begiň, Döwletmämmet Azadynyň, Aman Gulmämmedowyň, Sahy Jepbarowyň, Şükür bagşynyň atlarynyň dakylyp, olaryň adynyň ebedileşdirilmeginiň özi beýik sylag-hormatyň nyşanydyr. Bu bolsa ýaş neslimizde ata Watana, ene topraga bolan beýik söýgini terbiýelemekde ýakyndan ýardam berýär.

Bu günki gün biz taryhyň irki döwürlerinde ençeme şäher-kentlere öz goýnundan ýer beren mukaddes toprakda, Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp mekanda döwrebap Arkadag şäheriniň döreýşine gözli şaýat bolduk. Täze taryhy döwürde «akylly şäherde» dörediljek mümkinçilikler halkyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär. 

 

Aýna ATAGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.