logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /ARKADAG ŞÄHERI – BAGTYÝARLYGYŇ MEKANY
  03.05.2023
1178
ARKADAG ŞÄHERI – BAGTYÝARLYGYŇ MEKANY

Hawa, Türkmenistan döwletimiziň gözel ýerleri ýylsaýyn artýar, Diýarymyzyň her bir künjegi ýylyň-ýylyna ajaýyp keşbe girýär, owadanlaşýar. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerini görmäge göz, taryp etmäge söz gerek. Döwletimiziň waspy diňe bir türkmenistanlylaryň dilinde däl, eýsem, dünýä ýüzünde beýan edilýär. Çünki, ýurdumyz göreni haýrana goýýar, dünýä jahankeşdelerini özüne çekýär. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri-de Arkadag şäheridir.

Arkadag şäheri «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurulmak bilen, onda il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli ähli mümkinçilikler, amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, adamlaryň ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukugyny üpjün etmek maksady bilen, Arkadag şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlary gulluk maksatly jaýlardygyny aýratyn bellemek gerek.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýan tutumly işler geljekde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, eşretli durmuşyny üpjün eder. Ajaýyp şäheriň 2023–2026-njy ýyllarda ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň amala aşyrylmalydygy babatynda hormatly Prezidentimiz belläp geçdi. Binagärlik tarapyndan gözel, hemmeleri haýrana goýjak «akylly» şäheriň gurulmagy biz, ýaşlary-da diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Çünki, şäheriň döredilmegi bilen ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy, yhlasly zähmet çekmegi, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup, Türkmenistan döwletimiziň abraýynyň arşa göterilmegi üçin şahsy goşantlaryny goşmagy üçin giň mümkinçilikler döredi. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir. Biz – ýaşlar hem hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, agzybirlikde ýurdumyzyň güllemegi ugrunda yhlasly zähmet çekeris. 

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat 
geňeşiniň esasy hünärmeni.