logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Arkadag şaheri- bagtyýarlygyň şäheri
  18.12.2023
960
Arkadag şaheri- bagtyýarlygyň şäheri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyran şanly wakalaryň biri – Arkadag şäheriniň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäheriň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi boldy.

 

 

Bu ýerde möhüm ekologik talaplara aýratyn üns berilen. Ähli binalarda elektron dolandyryş ulgamy ornaşdyrylan. Bularyň ählisi Arkadag şäheriniň “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlandygyna aýdyň güwä geçýär. Şäherde ýol yşyklandyryjylary-da täzeçil usulda, ýagny awtomatik ýagdaýda, şäheriň ulag akymlaryna baglylykda sazlaşykly hereket edýär. Şeýle amatlyklary özünde jemlemek bilen bu şäher Merkezi Aziýa sebitinde durmuş üpjünçilik ulgamy tutuşlygyna elektron arkaly dolandyrylýan ýeke-täk şäher bolmagynda galýar.  

 

 

Gijelerine has-da gözel görke gelýän bu şäher ýokardan seredeniňde, ýurduň görkana türkmen halysynyň keşbini janlandyrýar. Bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde bina edilen bu şäheriň keşbi milli heýkeltaraşlygyň iň gowy nusgalarynyň, binagärlik hem-de dizaýn sungatynyň häzirki zaman gazananlary bilen sazlaşykly utgaşýar.

 

 

Bir söz bilen aýdylanda, “Geljegi şäheri” diýlip atlandyrylýan bu şäher tutuş halkymyz, aýratyn-da ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak şa serpaýdyr. 

 

 

Daýanç BAÝRYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.