logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Arkadag şäheri — bagtyýarlyk mekany
  16.02.2023
2104
Arkadag şäheri — bagtyýarlyk mekany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek, bu döwrebap merkezi «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak çözgüdine gelnendigi baradaky hoş habar mälim edildi. Bu hoş habar halkymyzda giň seslenme döretdi.

Ahal welaýatynyň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanyp barýan täze dolandyryş merkezine şäher derejesiniň berlip, Arkadag adynyň dakylmagy türkmenistanlylaryň isleg-arzuwlarynyň netijesidir. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň düýpli gurluşykda alyp barýan ummasyz uly zähmetiniň, il-ýurt üçin döredijilikli işiniň, zehininiň miwesidir.

Şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwuny we tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalar. Dünýäniň elektrobuslary, elektromobilleri, bu ulaglaryň tehniki häsiýetnamalary hem-de olaryň deslapky zerur sany öwrenildi. Täze merkeziň amatlyklary we artykmaçlyklary Arkadag şäherini dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen topragynyň iň owadan künjekleriniň biri, dag eteginde bina edilen täze şäher göreniň göwnüni göterýär. Bu döwrebap bilim we terbiýeçilik merkezinde döwrümiziň bagtyýar nesilleri ylym-bilim öwrenerler, hünärleri özleşdirerler. Olar dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze jaýlarda rahat ýaşarlar. Täze şäherde geçirilýän işleriň çäklerinde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Täze «akylly» şäheriň binagärlik infrastrukturasynyň aýratynlyklary halkymyzy diýseň guwandyrýar we buýsandyrýar. 

 

Ogulşemşat AMANOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.