logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Arkadag şäheri — eşretiň mekany
  17.04.2023
1202
Arkadag şäheri — eşretiň mekany

Köpetdagyň eteginde täze Arkadag şäheriniň kemala gelmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň üpjün edilip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu şäheri bina etmek baradaky pikiriň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, onuň pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurulýanlygynda jemlenendir. Bu ýerde ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar.

Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim medeni we halkara merkezine öwrüler. Onuň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Munuň özi Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ähmiýetini hukuk taýdan berkitmek meselesine seredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň teklipleri nazara alnyp, «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen, ol şu ýylyň 24-nji martyndan güýje girizildi.

Bu «akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, edara binalaryny özüne birleşdirer. 

 

Aýjeren MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.