logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Arkadag şäheri – halkymyzyň bagty
  17.01.2023
1317
Arkadag şäheri – halkymyzyň bagty

Belent ösüşlere beslenýän ýurdumyzda häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlanyp barýar. Täze dolandyryş merkezine şäher derejesiniň berlip, «Arkadag» adynyň dakylmagy bagtyýar halkymyzyň päk arzuwlarynyň netijesidir, Gahryman Arkadagymyzyň bitiren beýik hyzmatlaryna goýulýan belent sarpadyr. Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik babatda alyp barýan ummasyz uly zähmetiniň, il-ýurt üçin döredijilikli işiniň, zehininiň miwesidir.

Şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwuny we tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalyp, ekologik taýdan arassa elektrobuslar, elektromobiller hereket eder. Täze merkeziň amatlyklary we artykmaçlyklary Arkadag şäherini dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berýär. Sahawatly türkmen topragynyň iň owadan künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilen döwrebap şäher göwünleri galkyndyrýar. Bu döwrebap şäherde bina edilýän bilim we terbiýeçilik merkezlerinde döwrümiziň bagtyýar nesilleri ylym-bilim öwrenip, hünärleri özleşdirerler. Bagtyýar raýatlarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze jaýlarda rahat ýaşarlar. Täze şäherde geçirilýän işleriň çäklerinde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Täze «akylly» şäheriň binagärlik keşbiniň aýratynlyklary halkymyzy diýseň guwandyrýar hem buýsandyrýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň desgalar toplumynyň gurluşyk işleri bilen bir hatarda, onuň daş-töwereginiň abadançylygy, arassa ekologiýasy baradaky işler hem sazlaşykly derejede alnyp barylýar. Bu ýerde 288 gektara golaý meýdanda bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze şäheriň daşky gurşawynyň has hem arassa we ajaýyp, gözel bolmagyny üpjün eder. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilen täze Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheriniň sebitde ilkinji «akylly şäher» bolmagy, bu ýerde hemmetaraplaýyn amatlyklaryň döredilmegi kalplara çäksiz buýsanç duýgusyny paýlaýar. 

 

Gurbangeldi GÜRJIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.