logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär
  26.03.2024
686
Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25-30-y aralygynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär. Oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.

 

Halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär. Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleri. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde I (bir) tapgyrda A we B derejede geçirilýär.

 

Gatnaşyjy ýurtlar üçin iki derejede hem okuwçy (gatnaşyjy) sanynda çäklendirme ýokdur. 

 

Habarlaşmak üçin: Halkara matematika olimpiadasynyň guramaçylyk topary: 

+99312 448409;

+99312 398550;

+99365809906.

met.ssimo@gmail.com

 

Ýakup MUHAMMETNUROW,

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 

institutynyň talyby.