logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder
  09.01.2023
1197
Arkadag şäherinde raýatlarymyza «JAC E-J7» elektromobilleri hyzmat eder

Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa elektroulaglary ulanmak we olary ýurdumyza getirmek baradaky tabşyryklardan ugur alyp «Türkmenawtoulaglary» agentligi häzirki wagtda «Ýutong» kysymly elektrobuslary we «Jac E-J7» kysymly ýeňil elektromobilleri satyn almak we ýurdumyza getirmek boýunça işleri alyp barýar.

«Soňky döwürlerde «JAC» kompaniýasy ýeňil we ýük awtomobilleri bilen uly meşhurlyk gazandy. Kompaniýanyň awtomobilleri dünýäniň ähli künjegindäki müşderilerde uly islegden peýdalanýar. Kompaniýanyň esasy köp satylýan awtomobili hökmünde «JAC J7» tapawutlandyrylýar.

«JAC E-J7» dolulygyna elektrikleşdirilen ulag bolup, ol ýokary hilli ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Ulag 193 at güýjüne eýe bolan hereketlendiriji bilen üpjün edilipdir. Elektromobil 0-dan 100 km-e çenli tizlige bary-ýogy 5,9 sekuntda ýetýär.

Galyberse-de, «JAC E-J7» häzirki zaman awtomobillerine mahsus bolan döwrebap dizaýni bilen tapawutlanýar. «JAC» kompaniýasynyň bu ulagynyň daşky görnüşini Italiýanyň Turin şäherinde meşhur dizaýner, «Alfa Romeonyň» we «Maserattiniň» öňki dizaýneri Daniel Galýone döredipdir.

Kompaniýanyň paýnamasynyň 70 göterimden gowragynyň nemes awtokonserni «Volkswagene» degişlidigi hem awtomobilleriň ýokary hillidigine güwä geçýär. 

 

Kerem AGAMYRADOW,

Magtymguly adyndaky 
Türkmen döwlet 
uniwersitetiniň talyby.