Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Syýasat /Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy
  17.10.2025
300
Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy

Arkadag şäherine täze halkara sylag — Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Bu baýrak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nyşany bolan bu şäheriň innowasion ösüş uguryndaky üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilendigini görkezýär. Bu möhüm waka mynasybetli guralan dabarada Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar Arkadag şäherine geldiler. Myhmanlar dabaranyň öňüsyrasynda şäheriň giň şaýollaryny, owadan binalaryny, döwrebap desgalaryny synladylar.

 

Şäheriň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalar we täzeçil çözgütler giňden ulanylyp, ýurdumyzyň halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini subut edýär. Arkadag şäheri häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özüne çekýän innowasion şähergurluşyk nusgasy bolup durýar.

 

Dabaranyň dowamynda myhmanlar şäher häkimliginiň binasynyň eýwanynda guralan sergini gezip gördüler. Sergi şäheriň gündelik durmuşyna ornaşdyrylan sanly we innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga şert döretdi. Çykyş edenler Arkadag şäheriniň bu altyn medala mynasyp bolmagynyň onuň ösüş ýolundaky nobatdaky uly üstünlikdigini nygtadylar. Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy Gennadiý Iwliýew çykyşynda, Türkmenistanda “akylly” şäher konsepsiýasynyň esasynda durmuşa geçirilen bu giň möçberli taslamanyň dünýäde nusgalyk derejesine eýedigini aýtdy. Ol Arkadag şäheriniň eýýäm onlarça halkara baýraklara, güwänamalara we şahadatnamalara mynasyp bolandygyny belläp geçdi.

 

Soňra dabaranyň esasy pursady — Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy boldy. Bu medal Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy we ilkinji prezidenti Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň adyna döredilip, oýlap tapyjylyga hem-de patent ulgamyndaky ägirt uly hyzmatlara berilýär. Arkadag şäheriniň bu sylaga mynasyp bolmagy şähergurluşyk babatynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Zebo JORAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.