logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Arkadag şäheriniň II tapgyrynyň düýbi tutuldy
  16.06.2023
1031
Arkadag şäheriniň II tapgyrynyň düýbi tutuldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa degişli ýolbaşçy düzümler gatnaşdylar. Göçme mejlis Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbiniň tutulmagy bilen bagly bolup, şu mynasybetli guralýan dabaranyň öňünçäsi bolup geçdi.

Soňra Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy we ýörite taýýarlanan gutyny Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň binýadyna goýup, nobatdaky desgalarynyň gurluşyklaryna badalga berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasyndan soňra, Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna dabaraly ýagdaýda täze awtoulaglary sowgat berdi.

Şeýle-de bu taryhy günde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy baradaky kitap halkymyza sowgat edildi. Bu hem halkymyz barada edilýän taýsyz tagallalaryň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.