logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Politics /Arkadag şäheriniň Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi
  20.03.2023
1764
Arkadag şäheriniň Kärizek we Gorjaw etraplary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň netijesinde gözel Diýarymyz bu gün taryhda görlüp-eşidilmedik ösüş derejelerine ýetdi.

Arkadag şäherinde «akylly şäher» konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilmegine, olarda ilata edilýän hyzmatlaryň derejesiniň ýokary halkara ülňülere laýyk getirilmegine, sazlaşykly işlemegine, sanly ulgamlaryň we täzeçil usullaryň hem-de halkara tejribäniň ornaşdyrylmagyna, ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.

Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleri halkara ölçeglere laýyk guramak, şäher gurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäheri halkara merkezleriň birine öwürmek, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak, ony geljekde depginli ösdürmek, çäklerini giňeltmek, ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, gurluşyk ulgamlaryny ösdürmek maksady bilen hem-de şäherde gurulýan taslamalaryň wajyp häsiýetini, halkara derejede geçiriljek çäreleriň ähmiýetini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

1. Arkadag şäheriniň düzüminde goşunda laýyklykda täze etraplary döretmeli we olara Kärizek we Gorjaw atlaryny dakmaly hem-de mundan beýläk olary degişlilikde Arkadag şäheriniň Kärizek etraby hem-de Arkadag şäheriniň Gorjaw etraby diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.  

 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa. 


Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji marty.