logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar — ýurduň geljegi hem kuwwaty
  17.02.2023
1284
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar — ýurduň geljegi hem kuwwaty

Golaýda, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň mejlisler zalynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar — ýurduň geljegi hem kuwwaty» atly maslahat geçirildi. Maslahat Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzyň asyrlar  boýy ösdürip kemala getiren ruhy gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirýän, Watanyň, halkyň  ýagty ertirleriniň binýady bolan bagtyýar ýaşlaryň kämil döredijiligine bagyşlandy.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň ähli pudaklaryny döwrebap derejede ösdürýän, gujur-gaýratly ýaşlarymyza uly ynam bildirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, eder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz buýsançlaryny, Diýarymyzy ösdürmekde alyp barýan il bähbitli işleri üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.

Maslahatyň ahyrynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar, halypa hem-de ýaş žurnalistler hormatly Prezidentimiziň döredijilik mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Watanymyzyň ösüşlerini, döwrebap özgertmelerini halkymyzyň, dünýä ýurtlarynyň arasynda giňden wagyz edip, işjanly zähmet çekjekdiklerini bellediler. Ýaşlaryň ylym-bilim, ruhy-ahlak, watançylyk duýgusy, saglyk taýdan ösüşine uly üns berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdyp, döwlet ähmiýetli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ylýas ANNAMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.