logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Arkadag Serdarly watançy ýaşlar — ýurduň beýik ykbaly
  22.05.2023
772
Arkadag Serdarly watançy ýaşlar — ýurduň beýik ykbaly

Halkymyzyň köňül şygaryna öwrülen hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümleleri ýaşlaryň Watanymyza bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjelerimizi, söýgimizi belende galdyrýar. Ähli bilimlerimizi hem-de başarnyklarymyzy Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna bagyş etmäge ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan döräp, paýhas eleginde eýlenen her bir eseri ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr, durmuş mekdebidir. Bu ajaýyp eserler halal zähmetimiz bilen Watan öňündäki mukaddes borjumyzy ödemäge çagyryşdyr. Hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabyndaky: «Ýaşlar — biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Halkyň, ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys» diýen sözleri ýaşlary ýurdumyzyň altyn öwüşginli ak sähralaryndan ylham, ter öleňli daglaryndan güýç-kuwwat, bossan içre baglaryndan joş alyp, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Döwlet syýasatymyzda ýaşlar meselesine berilýän üns, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işe işjeň çekilişi, olaryň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudagynyň ösüşinde paýynyň uludygy barada oýlananyňda, şu pikirler seriňe dolýar. Hususan-da, ýaşlar bilim, ylym, döredijilik, sungat, oýlap tapyşlar babatda, telekeçilik işlerinde has tapawutlanýarlar, okgunly öňe barýarlar. «Dördünji senagat rewolýusiýasy» adyny alan häzirki zamanyň ösen dünýäsinde biziň ýaşlarymyzyň öňdebaryjy ýurtlaryň ýaşlary bilen dünýägaraýyş, gözýetim, ylym-bilim we beýleki zerur jähetler babatda deň derejede kemala gelmekleri üçin halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berlip, onuň çygry barha giňeldilýär.

Biz — ýaşlary bagtyýar geljege, ajaýyp ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!  

 

Merjen ÖWLÝÄGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.