logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /«Arkadag» teleýaýlymy dörediler!
  31.03.2023
1140
«Arkadag» teleýaýlymy dörediler!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan beýik işleri, gazanylýan üstünlikleri ussatlyk bilen açyp görkezýän hem-de wagyz edýän kämil gepleşikleri taýýarlap, teleýaýlymlaryň üsti bilen halkymyza ýetirmek, şeýle hem türkmen telewideniýesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymyny döretmek we 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi.

Şeýle hem resminama bilen Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 

TDH.