logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Arkadagly Diýara hoş gelipsiň, Täze ýyl!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
  27.12.2022
990
«Arkadagly Diýara hoş gelipsiň, Täze ýyl!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

Dänew etrabyndaky «Gala» toý mekanynda Dänew we Darganata etrap häkimlikleriniň bilelikde guramaklarynda «Arkadagly Diýara hoş gelipsiň, Täze ýyl!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler, ýaşulular, köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler tamamlanyp barýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler hem-de bosagada duran 2023-nji ýylda öňde goýulýan maksatlar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Etraplaryň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady. Medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, tanslarynda, folklor çykyşlarynda bagtyýarlyga beslenýän günlerimiziň waspy giňden beýan edildi.