logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /«Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnal dörediler
  19.11.2022
1242
«Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnal dörediler

18-nji noýabrda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentine, wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi. Hasabatda ylymly-bilimli, maksada okgunly we Watana wepaly türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada bellenilip geçildi. 

Döwlet Baştutanynyň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek barada beren tabşyryklaryndan hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düşündiriş-wagyz işlerini güýçlendirmek baradaky wesýetlerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda «Arkadagly ýaşlar» atly elektron žurnaly döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany täze internet neşiriniň wajypdygyny aýdyp, onuň örän gyzykly, çuň manyly bolmalydygyny, zehinli türkmen ýaşlarynyň geçirýän ylmy barlaglarynyň hem-de innowasion işläp taýýarlamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.