logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /ARKADAGLY ÝAŞLAR — BELENT YNAMYŇ EÝELERI
  14.02.2023
1305
ARKADAGLY ÝAŞLAR — BELENT YNAMYŇ EÝELERI

Ösüşler bilen kuwwatlanýan eziz ýurdumyzyň aýdyň geljegi bolan bagtly ýaş nesiller hakyndaky uly alada hormatly Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl hem ynsanperwer döwlet syýasatynyň düýp özeni bolup durýar. Ata Watanymyz eziz Türkmenistanda ýaşlaryň okamaklary, kämil  bilim almaklary, hünärli şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin netijeli işler ýola goýulýar. Bagtyýar zamanamyzyň ajaýyp günlerinde amala aşyrylýan beýik işler ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan, parahat hem eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak hakynda öňe sürlen teklipleriň goldanylmagy bilen yglan edilen şanly ýylymyzyň şygary göwünleri galkyndyrýar.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýylyň nyşany halkymyzyň bagtyýarlyk zamanasy, ýagny halkyň Arkadagly Serdary bilen bagtly durmuşy gurýandygy, ata ýurdumyzy öňe sary alyp gitjek bagtyýar ýaşlarymyzyň watançylyk duýgularynyň mysaly hökmünde suratlandyrylýar.

Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda şu günki ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza,  medeniýetimize, milli däp-dessurlarymyza we medeni gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym öwrenmeklige, kämil bilim almaklyga bolan höwesini artdyrmak boýunça ýola goýulýan asylly maksatlar myrat tapýar. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, ösen düşünjeli adamlar hökmünde döwrümiziň badyna bat, şanyna şan goşmagy ugrundaky başlangyçlar mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Eziz Arkadagymyzyň nusgalyk ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan milli ýol-ýörelgelerimiziň geljekki ýurt eýeleri bolan ýaşlar bilen mynasyp kemal tapjakdygyny alamatlandyrýar. Biz ýaşlar hem, şeýle ajaýyp galkynyşly döwrümizde biz üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Ýakup MÄMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.