logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy
  12.04.2026
457
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Žurnalyň baş makalasy «Beýik dostlugyň täze gözýetimleri» diýlip atlandyrylyp, ol Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň ýaşlaryň geljegine ýetirýän oňyn täsirine bagyşlanýar. Şeýle-de neşirde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň soňky bäş ýylda ýerine ýetiren işleri barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.

 

Täze sanynda ilkinji gezek iňlis dilinde çap edilen makala mart aýynda bellenilýän Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. «Ýaşyl dünýäniň ýaraşygy» atly makala bolsa ýazky bag ekmek möwsüminiň başlanmagyna ünsi çekýär.

 

Şeýle-de, ýurdumyzda däbe öwrülen «Talyp gözeli» bäsleşiginiň geçirilişi we onuň ýeňijileri barada aýratyn makala taýýarlanypdyr. Döwlet edaralarynda emeli aňyň orny baradaky çykyş häzirki zaman meselelerini açyp görkezýär. Mundan başga-da, halkara derejesinde meýletinçi-terjimeçilik işiniň ähmiýeti barada hem pikirler beýan edilýär.

 

Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň birinde Magtymguly Pyragynyň tebigata bolan söýgüsi hytaý şahyrlarynyň döredijiligi bilen deňeşdirilýär. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň döredijilik ýoluna bagyşlanan «Millilige gulluk etmeli» atly makala hem aýratyn ähmiýete eýedir. Şahyr Çary Ýegenmyradow barada gürrüň berýän «Pursatlar» atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekýär.

 

Mundan başga-da, «Hyýallaryň ganatynda» atly makala Gurbannazar Ezizowa bagyşlanypdyr. Bagtlylyk temasyndaky makala iňlis dilinde hödürlenýär, rus dilindäki makalada bolsa şygryýetiň täsirli güýji beýan edilýär.

 

Däp boýunça žurnalda aprel aýynyň täleýnamasy hem ýerleşdirilipdir. Şeýle-de soňky sahypalarda ahalteke bedewleri, emeli aň bilen bagly maglumatlar, semeniniň taýýarlanylyşy baradaky maslahatlar hem-de «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumatlar okyjylara hödürlenýär.

 

Oguljan Kurbanowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.