logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
  07.01.2026
521
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky sany okyjylara ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Žurnalyň baş sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýetine bagyşlanan giňişleýin makala ýerleşdirildi. Şeýle-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumyň, kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň mazmuny we ýurdumyzyň parahatçylykly başlangyçlarynyň dünýäde goldaw tapýandygy baradaky ýazgylar okyjylara hödürlenilýär.

 

Neşirde zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan «Gender deňliginiň bähbidine halkara dialog» atly makala arkaly «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahatyň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Şeýle hem täze ýylyň şygaryna bagyşlanan «Bedew batly, at-myratly şanly ýyl» atly makala we 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan maslahat barada «Parahatçylyk – ýaşaýşyň tugy» atly ýazgy ýerleşdirildi.

 

Žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslaryna, ýaşlaryň gazanan üstünliklerine hem-de «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň 2025-nji ýyldaky ýeňijisine bagyşlanan makalalar hem orun aldy.

 

Kerimmyrat DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.