logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Arkadagyň paýhasyndan dünýä belli aslymyz, Arkadaga wepalydyr bu bagtyýar neslimiz
  25.01.2020
1184
Arkadagyň paýhasyndan dünýä belli aslymyz, Arkadaga wepalydyr bu bagtyýar neslimiz

      Bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ady nagyşlara öwrülip ýazylan Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan diýarymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Merdana milletimiziň mizemez bagtyna öwrülen Hormatly Prezidentimiziň adyl syýasaty bu günki-gün eşret akabasyna öwrülip, bagtyýar halkymyzyň üstine bagtyýarlyk şuglasyny çaýýar. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ýylynyň ýanwar aýynyň 17-sine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde ,,Arkadagyň paýhasyndan dünýä belli aslymyz, Arkadaga wepalydyr bu bagtyýar neslimiz’’diýen at bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ahal welaýat häkimliginiň gurnamagynda geçirilen bu wagyz-nesihat maslahatyna welaýatyň durmuş-ykdysady pudaklarynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlar, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy, 2020-nji ýylyň ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli täsirli çykyşlary etdiler.  Aýratyn belläp geçmeli zatlarymyzyň biri hem welaýat Baş bilim müdirliginiň  hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ýyly hem-de welaýatymyzda alnyp barylýan işler, gazanylan üstünlikler bilen bagly serginiň gurnalmagydyr. Wagyz-nesihat maslahatynyň geçirilen ýeri ygtybarly elektrik togy bilen üpjin edilen. Ýol hereketiniň we jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň berjaý edilmegi, şeýle-de  tiz lukmançylyk kömegi  berk ýola goýulan.