logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Technology /Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi
  29.01.2026
328
Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi

Diller Dünýäsi bilim merkezinde “Sessiz awtomatizasiýa” atly açyk leksiýa geçirildi

AşgabatDiller Dünýäsi bilim merkezinde “Sessiz awtomatizasiýa: tehnologiýadan öň pikirlenme” atly açyk leksiýa geçirildi. Çärä sanly çözgütler boýunça hünärmen Arslan Tekaýew gatnaşdy. Leksiýa çykyş edijiniň köp ýyllyk professional iş tejribesine esaslandy.

Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, TMÝG MG-nyň Meýletinçiler merkezi we TSTP Ýaş telekeçiler merkezi tarapyndan guraldy.

Çykyşda düzgünleşdirilen gurşawlarda awtomatizasiýanyň ähmiýeti, el bilen ýerine ýetirilýän prosesleriň döredýän töwekgelçilikleri hem-de gündelik işleriň sanlylaşdyrylmagynyň peýdasy barada durlup geçildi. Arslan Tekaýewiň bellemegine görä, netijeli awtomatizasiýa uly IT toparlary ýa-da daşarky kompaniýalar bolmazdan hem, prosesi içinden bilýän hünärmenler tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilip bilner.

Prezentasiýada büjet konsolidasiýasy, myhmanlaryň hasaba alynmagy, iş saparlarynyň tassyklanylmagy ýaly administratiw işleriň el bilen ýerine ýetirilmeginiň köp wagt alýandygy we ýalňyşlyklara getirýändigi bellenildi. Şeýle prosesleriň sanly ulgamlar arkaly dolandyrylmagy işiň tizligini ýokarlandyrýar, şeýle-de audit we düzgünnama talaplaryny üpjün edýär.

Çykyş edijiniň maglumatlaryna görä, onuň tarapyndan döredilen içerki sanly ulgamlaryň ählisi daşarky üpjün edijilerden peýdalanmazdan, diňe içerki mümkinçilikleriň hasabyna işlenip düzüldi we doly on-premise görnüşde ulanyldy. Bu çözgütler işgärleriň işini ýeňilleşdirmegi we gaýtalanýan amallary azaltmagy maksat edinýär.

Leksiýanyň dowamynda awtomatizasiýanyň işgärleri çalyşmak däl-de, olaryň wagtyny tygşytlamak we işiň hilini ýokarlandyrmak üçin niýetlenmelidigi aýratyn nygtaldy.

Çäre gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Leksiýanyň ahyrynda awtomatizasiýa, sanly başarnyklar we hünär ösüşi bilen bagly sorag-jogap alyşmalar geçirildi.