logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /«Arşyň nepisligi» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
  22.02.2023
1035
«Arşyň nepisligi» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Arşyň nepisligi» atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Bäherden halyçylyk kärhanasynda geçirilen bu bäsleşige welaýatymyzyň çeper elli halyçy zenanlary gatnaşdylar.

Haly sungatyna bagyşlanyp «Arşyň nepisligi» ady bilen geçirilen bäsleşigiň maksady türkmen öýleriniň bezegi bolan halynyň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zenan edebini, zähmet terbiýesini, tebigy gözelligi, türkmen zenanlaryna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri, sabyrlylygy ösdürmekden, ýaş nesillerimiziň milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el hünärlerine bolan höwesini artdyrmakdan ybarat boldy.

Bäsleşigiň barşynda onuň «Syrlar siňen nepislik» atly ilkinji şertine laýyklykda bäsdeşler özlerini tanyşdyryp, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden joşup çykan «Janly rowaýat» atly kitabynda beýan edişi ýaly, dünýä halyçylygynda tanalýan türkmen milli el halylarynyň we haly önümleriniň taryhyny, olaryň gaýtalanmaýan nusgalaryny, halkymyzyň ajaýyp halylaryna bolan söýgüsini dabaraly wasp etdiler.

Bäsleşigiň ikinji — «Gözelligi döredýän eller» atly şertinde zenanlar haly sungatynyň inçe syrlary, nagyşlaryň aňladýan manysy, olaryň gelip çykyşy hakynda gyzykly maglumatlary aýtdylar. Bäsleşigiň üçünji — «Gözellik dowamaty» atly şerti has-da gyzykly boldy. Bu şertde zenanlar haly sungaty bilen bagly gadymy rowaýatlary, däp-dessurlary, yrymlary gürrüň berip, çeper sahnalary ýerine ýetirdiler.

Zehinli zenanlary bir ýere jemlän bäsleşikde Jennet Ýagmyrowa, Mähri Allaberdiýewa dagy ýeňiji diýlip yglan edilip, döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.