Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!
  07.03.2023
656
Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!

Halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär. Şahyryň eserleri diňe bir şol döwrüň möhüm meselelerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat bähbitli pikirlere ýugrulanlygy bilen şu günki gün has hem ähmiýetlidir.

Halkyň ykbaly bilen ebedilik baglanyşdyrylan, erk-islegini beýan edýän eserler hiç wagt könelmeýär we özüniň ebediligini saklap galýar. Bu gün mähriban halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik şahyryň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän ýurduň özbaşdaklygy — berkararlyk, watançylyk, ahlak päkligi, gahrymançylyk, agzybirlik, myhmanparazlyk, zenan mertebesi, zähmetsöýerlik, salyhatlylyk, edeplilik we adamzadyň ruhy baýlygy hakynda ähli aýdan pikirlerini özleriniň durmuş ýörelgelerine öwürýärler.

Beýik şahyryň şygrynda beýan eden arzuwlary bu gün halkymyzyň durmuşynda hasyl boldy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şahyryň «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn» diýen sözleri durmuş hakykatyna öwrüldi. Türkmeniň sährasy-düzi, deňzi-derýasy, mukaddes topragy «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, Garagum sährasy gülzarlyga öwrüldi. Öň tozap ýatan sähralyklarda täze obalar, şäherçeler we şäherler gurulýar. Alnyp barylýan gurluşyklar, ulanylmaga berlen täze durmuş maksatly binalar, täze açylýan we özleşdirilýän ekin meýdanlary synlanyňda şahyryň belent arzuw-hyýallarynyň üstünlikli amala aşýandygyna bolan buýsanjyň goşalanýar.

Şahyryň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan eserleri bu gün türkmeniň milli ruhuny has hem belende göterýär. Her bir türkmen okyjysy şahyryň şygyrlarynda özüniň edep-ekramynyň ornuny, gylyk-häsiýetini görýär. Magtymgulynyň şygyrlary türkmeniň kalbynyň owazy diýilse ýerlikli bolar. Muny şahyryň türkmeniň ahlak gymmatlyklaryny ählumumy adamzada wagyz etmegi diýip belläp bolar. Her bir halkyň gymmatlyklary umumadamzat ahlagy bilen bitewülikde, berk we aýrylmaz baglanyşykda ösüp kämilleşýär. Şeýlelikde, Magtymgulynyň döredijiligi türkmeniň çäginden çykyp, ählumumy adamzat kalbynyň töründe orun tutýar. 

 

Zylyha ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.