logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Aşgabadyň täsin desgasy: «Bagt köşgi»
  19.05.2023
1607
Aşgabadyň täsin desgasy: «Bagt köşgi»

Bagt köşgi – biri-birini söýýän ýürekleri birleşdirmäge, täze maşgalalary döretmäge niýetlenilip, türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar böleginde bina edildi. Köşgüň binagärlik keşbi hem üýtgeşik. Ol 11 gatly, meýdany 38 müň inedördül metrden gowrak umumy meýdany bolan üç basgançakly binadyr, onuň her tarapy sekiz burçly ýyldyz görnüşindedir. Onuň uly sütünleriniň ýokarsyndan görünýän kub (dörtburçluk) ýokarky basgançagyny emele getirýär we 32 metrlik Türkmenistanyň kartasy bilen çekilen Ýer togalagynyň nyşanyny özünde ýerleşdirýär. Ol bu ýerde ýola goýulýan maşgala gatnaşyklarynyň ygtybarlylygynyň we berkliginiň bitewüligini aňladýar. Köpugurly merkezde nikalary dabaraly resmileşdirmek üçin niýetlenilen alty sany zal bolup, olaryň her biriniň öz ady bar. Ondan başga-da toý dabaralary üçin niýetlenilen 500 we 1000 orunlyk 3 zaly bar.

Şeýle hem binada 22 otagly myhmanhana, dükandyr hyzmat ediş salonlarynyň 36 sanysy we köp sanly dynç alyş otaglary hem-de kafeler bardyr. Binanyň zemin gatynda 300 ulaglyk ýapyk we binanyň daş-töwereginde 300 orunlyk açyk awtoduralga ýerleşýär.

Merkez ýurdumyzda geçirilýän milli toý-baýramlary türkmen halkynyň asylly däp-dessurlaryna laýyk, döwrebap geçirmek, toý-baýramlary guramak boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak, Merkezde bar bolan toý zallaryny, söwda we hyzmat ediş nokatlaryny kärendesine bermek, toýlarda we baýramçylyk çärelerinde hyzmat etmek üçin awtoulaglary kärendesine bermek we olaryň bezeg işlerini etmek, şeýle hem toý tutýan ýaş çatynjalara, ilatymyza we daşary ýurt raýatlaryna myhmanhana hyzmatlaryny hödürlemek wezipelerini ýerine ýetirýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Bagt köşgi» - «International Property Awards Europe» bäsleşiginiň «Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi» ugry boýunça ýokary baýragyna mynasyp boldy. 

 

Şamämmet BÄŞIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.