logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /«Aşgabat» aýdym saz merkezinde dabaraly konsert geçirildi
  12.10.2022
892
«Aşgabat» aýdym saz merkezinde dabaraly konsert geçirildi

Golaýda, paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym saz merkezinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Bu konsertde ýurdumyzyň estrada ýyldyzlary hem-de dürli tans toparlary çykyş etdiler. Olardan Ahmet Atajanowy, Eldar Ahmedowy, Gurbangeldi Ataýewi dagy bellemek bolar. Şeýle hem bu konserte Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, D. Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary hem öz çykyşlary bilen uly goşant goşdular.

Konsertde başga-da 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň söwda senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzda gazanylan ösüşleriň we döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň sergisiniň üstünlikli geçirilendigi barada bellenip geçildi. Dabaranyň ahyrynda Lukman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Gylyç GURBANGYLYJOW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
«Medeni miras
» fakultetiniň talyby.