logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Aşgabat bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär
  09.08.2022
929
Aşgabat bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär

“Turkish Airlines” awiakompaniýasy COVID-19 pandemiýasy sebäpli, iki ýyllyk arakesmeden soň, 1-nji sentýabrdan başlap, Aşgabat bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda görkezilen uçuşlaryň tertibine görä, Türkiýeden Türkmenistana ilkinji uçuş 1-nji sentýabrda amala aşyrylar. Stambuluň howa menzilinden Airbus A321 uçary 20:40-da uçup, türkmen paýtagtynda 1-nji sentýabrdan 2-nji sentýabr gijesine 02:20-de gonar. Ekonom derejede petegiň bahasy bir tarapa 11 114.43 türk lirasyna deň bolar.

Uçuşlary her gün iki tarapa-da ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

Aşgabatdan Stambula ilkinji howa gämisi 2-nji sentýabrda 03:10-da uçup, Stambuluň howa menzilinde, sagat 05:20-de gonar. Bir taraplaýyn ekonom derejäniň peteginiň bahasy 445 ABŞ dollaryna deň bolar.

Petekleri onlaýn satyn alyp bolar.