Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Aşgabat- binagärlik sungatynyň dürdänesi
  09.03.2021
677
Aşgabat- binagärlik sungatynyň dürdänesi

     Berkerar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabady ösdürmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda gurulýan ak mermerli durmuş maksatly binalar we beýleki desgalar Aşgabadyň gözelligine goözellik goşýar, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derjesini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy toýlanjak “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hem paýtagtmyzda şeýle maksatly desgalaryň ençemesini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Aşgabat-binagärlik sungatynyň dürdänesi. Bu ýerde gurulýan desgalar, bir tarapdan halkymyzyň milliligini alamatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, Arkadagly döwrümizde ýurdumyzyň bedew bady bilen gazanýan ösüşlerini suratlandyrýar. Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine deňelär. Dogurdanam, Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mer-mer binalar göreni haýrana goýýar. Hut şonuň üçin-de, “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 140 ýyllyk baýramy belleniljek ak şäherimiz-Aşgabadymyz dünýä nusgalyk ösüşlere eýedir.

Garaşsyz diýarymyzyň ýüregi Aşgabadyň bu günki keşbi, sözüň doly manysynda, sungat eserini ýada salýar. Oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz, türkmen sährasy ýaly giň köçeleri bu gün parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň ýoly bolup, Aşgabatdan dünýäniň çar ýanyna uzaýar. Aşyklaryň şäheri, ak şäherimiz, gözel paýtagtymyz bagtyýarlyk döwrümizde has-da gülläp gül açýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan- parahatçylygyň we yanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji aýynda paýtagtymyzyň şäherinde dowam edýän bir näçe iri desgalaryň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy. Şeýle hem, häzirki wagtda gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ýokary derjede taýýarlyk görülip, bu tarryhy waka mynasybetli dürli medeni we köpçülikleýin çäreler geçiriler, “Ak şäherim Aşgabat” atly XX halkara köpugurly sergi guralar. Bular bolsa paýtagtymyz Aşgabadyň dünýädäki at-abraýynyň has-da belende göterilmeginde nobatdaky ädim bolar. Goý, eziz paýtagtymyzy sungat derjesinde özgerdýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!