logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
  07.11.2026
13
“Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Aşgabat bilen Daşogzuň arasynda umumy uzynlygy 546 kilometre barabar bolan awtomobil ýoluny gurmak meýilleşdirilýär. Taslamanyň çäklerinde uzynlygy 812 metre deň bolan awtomobil köprüsiniň hem gurulmagy göz öňünde tutulýar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny taýýarlamak we gurluşygyny amala aşyrmak, şeýle hem onuň ugrunda köpriniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Mundan başga-da, köprüleri döwrebaplaşdyrmak boýunça şertnamalar baglaşylar.

 

Bu taslama Türkmenistanyň 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň Maksatnamasynyň çäklerinde awtomobil ýollaryny we köprülerini gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegidir.

Çeşme: «Altyn asyr» elektron gazeti